Studiýa hemişe öz sferasynda ösmäge we giňemäge ymtylýar. Munda studiýanyň hünärmenleriniň uly roly bar. Biz hemişe öz işiniň ussady bolan we studiýa täzelik goşjak gyzykly şahsyýetleri gözleýäris. Eger-de, haýsydyr bir ugurda ýa-da hünärde studiýa peýdaly bolup biljekdigiňize ynanýan bolsaňyz, onda bize eden işleriňizi ugradyp, özüňiz barada mail ýazmakdan çekinmäň.

Bizde hünärmeniň diline, milletine, jynsyna we okuw diplomyna seredilmeýär. Hünärmeniň iş başarjaňlygy we adamkärçilik sypatlary bizde üns berilýän iň möhüm aýratynlyklar. Bize saýlan hünärinde karýera etmek isleýän zähmetkeş we erjel hünärmenler gyzykly.

Häzirki iş orunlar

2D/3D Motion Dizaýner
Grafik Dizaýner
3D Wizualizator

Isleýän ugruň boýunça wakansiýa ýokmy? Sen şonda-da email ugradyp goý. Wakansiýa bolanda ilki seniň portfolio-ňa serediler.

Iş tejribe möwsümi

Studiýa bir döredijilik iş ýeri. Bu ýerde her bir hünärmen öz başarnyklaryny beýlekiler bilen paýlaşýar. Biz her bir hünäriň şu prinsip esasynda ýaşajakdygyna ynanýarys. Şol sebäpden studiýa belli bir wagtlar ýaşlar üçin iş tejribe möwsümlerini gurnamagy meýilleşdirýär. Dalaş bolmak üçin özüňiz barada we tejribe etmek isleýän ugruňyz barada gyzykly email ýazmak ýeterlik bolar.

Indiki möwsümi: 01.12.2021 - 28.02.2022

Adam sany: 8