Belli Creative - köpugurly dizaýn studiýa. Studiýa brend şahsyýetlerini emele getirýär we olara kämil strategiýalar düzýär. Islendik ulgamda ýüzleşilýän dizaýn meselelerine iň amatly çözgüt we täzeçe usul tapýar.

  • 2017
  • 2018
  • 2019
  • 2020
  • 2021

Hyzmatlar

Biz bir brendiň döremegi, ýaşamagy we ösmegi üçin gerekli bolan ähli hyzmatlary berýäris. Emma, olary bölekleýin däl-de, bitewi görnüşde we uzak möhletleýin bermegi halaýarys. Munuň iki tarap üçin hem has bähbitlidigine ynanýarys.

Studiýa aýdym kliplerine, toýlara, doglan günlere, sünnet toýlara, uçurymlara ýa-da islendik ýatdan çykmajak günlere degişli hyzmatlaryň hiç biri bilen meşgullanmaýar.

Esaslandyryjalar

Belli Creative - 2014-nji ýylda Döwlet Geldiýew we Daýanç Babaýew tarapyndan Aşgabatda esaslandyryldy we industriýanyň ilkinji studiýa sistemasynda işläp başlan iş ýeri boldy.

Döwlet Geldiýew

Daýanç Babaýew

Metbugat

Studiýa barada metbugat serişdelerinde ýazgy ýazmak üçin proýektleriň suratlary studiýanyň awtorlyk hukugyny görkezmek şerti bilen ulanylyp bilner. Söhbetdeşlikler we soraglar üçin e-mail arkaly habarlaşmak mümkin.

10.12.2021 Turkmenportal: First commercial font was created in Turkmenistan
08.12.2021 SNG Today: Созданный в Туркменистане шрифт выпущен на продажу компанией Monotype
29.11.2021 UNFPA: Diverse work environment - key to innovation
26.10.2021 Business Turkmenistan: Belli Creative Offers Innovative Solutions to Build Successful Brands
22.06.2020 «Biznes reklama» gazeti: Logo näme?
22.06.2020 «Biznes reklama» gazeti: Hereketli dizaýn
Beýlekiler