Islendik biznes bilen müşderiniň arasynda özara gatnaşyk bolýar. Biznesiň özüni tanadyşy we müşderiniň hem oňa bolan garaýşy bolýar. Şol biznesiň özüni tanadyş prosessine hem brendleşmek diýilýär.
Bir şäherde ýekeje wulkanizasiýa bar diýip hasap edeliň. Ol abatlaýyş nokady ne özüne at goýulmaga, ne-de brendleşmäge mätäçlik çekýär. Belki-de köçeden geçip barýanlaryň görmegi üçin diňe “Wulkanizasiýa” diýip hyzmatyň görnüşini ýazmak ýeterlik. Emma, ol wulkanizasiýanyň biznesi şol köçeden geçýän ulaglar we başga bir wulkanizasiýanyň açylmagy bilen çäklener. Ýene bir wulkanizasiýa açylanda başdaky nokat özüniň ilkinjidigi we has tejribelidigi bilen tapawutlanasy geler. Ýa-da, ol diňe şol köçeden geçýän ulaglaryň däl-de, şäherdäki ähli ulaglaryň öz nokadyndan habarly bolmagyny islär. Ana, şol ýerde hem biznes brendleşmäge mätäçlik çekýär. Brendleşmek ol wulkanizasiýanyň beýlekilerden tapawutlanmagyna we şäheriň ähli ulaglarynyň habardar bolmagyna kömek eder.
Brendleşmek diňe bir at we logodan ybarat bolmaýar. Onuň esasy funksiýasy biznesiň hilini, aýratynlygyny we häsiýetini ulanýan wizual dili bilen beýan etmek. Brendleşmek öz gözbaşyny biznesiň döreýän ýerinden alyp gaýtýar. Her bir biznes dürli strategiýalar we şertler esasynda emele gelýär. Brendleşmek - bir biznesiň döremeginde we ýaşamagynda ýüzleşilýän, emma müşderiniň görmeýän aýratynlyklaryny bir wizual dile geçirmek bilen müşderä ýetirmekden ybarat.
Häzirki wagtda Türkmenistanda biznes bilen meşgullanýan dürli önümçilik we hyzmat berýän kärhanalar bar. Olaryň ählisinde diýen ýaly at we logo bar. Emma, juda az mukdarynda brend şahsyýeti bar. Aglabasynda hem brend öz funksiýasyny ýerine ýetirip bilmeýär.
Şu ýerde köp bulaşdyrylýan mesele bolan reklama bilen brendleşmegiň tapawudyny bellemek möhüm. Reklamanyň habardar edijiligi, öňe çykaryjylygy köptaraplaýyn kämil brend şahsyýetine bagly. Kämil brend şahsyýeti biznesiň iň esasy aýratynlyklaryny öňe çykarýar we reklamanyň funksionallygyny ýeňilleşdirýär. Meselem: Bir önümiň brend şahsyýeti emele getirilmedik bolsa, onuň brend reňkleri hem ýok diýmek. Brend reňkleri bolmadyk önümiň her bir reklamasynda üýtgeşik reňkleriň ýa-da reňk tonlaryň ulanylmagy alyjylaryň brendi tanamak, olaryň aňynda ýatda galmak ähtimallyklaryny düşürýär. Emma, brendleşmek diňe bir reňklerden däl, ýene birnäçe möhüm (logo, wordmark, brend pattern, brend şrifti, brend stili, ulanyş düzgünamasy we ş.m.) aýratynlyklardan emele gelýär. Olaryň ählisi umumylykda bir biznesi iň gowy derejede tanatmak üçin hyzmat edýär.
Elbetde, her bir biznesiň möçberine we berýän hyzmatyna ýa-da öndürýän önümine görä brendleşmek derejesi hem üýtgäp durýar. Ýokarda mysal beren wulkanizasiýamyz öz köçesinden geçýän ulaglardan başgasyna hyzmat bermek üçin iş kuwwaty hem ýetmeýän bolup biler. Belki-de onuň üçin hyzmat beriş nokadynyň ýokarysyndan diňe “Wulkanizasiýa” ýazmak hem ýeterlikdir. Emma, brendleşmegi diňe tanalmak ýa-da biznesiňi giňeltmek üçin gerek diýip hasap etmek hem ýalňyş bolar.
Brend - bu müşderi sanyňa garamazdan berýän hyzmatyň bilen müşderiniň arasyndaky özara ynamy hem aňladýar. Diňe sanly ulaglara hyzmat berip biljek wulkanizasiýanyň hem bar bolan müşderilerine garşy bir marka hökmünde ynam bermeklik biznes borjy hasaplanýar. Biznes we müşderi arasyndaky ynam aragatnaşygy ýeterlik bolmasa, ertir-birigün müşderi şäheriň beýleki wulkanizasiýasyna gitmäge ýaltanman biler. Şonuň üçin biznes göwrümine garamazdan özüniň ygtybarlygy we ynamdarlygy bilen aragatnaşyk saklamagy möhüm. Hyzmatynyň hili düşmeýändigini, belki-de ýokarlanýandygyny, berýän hyzmaty alýan hakyny ödeýändigini ynandyryp durmagy gerek.
Munuň üçin bolsa, brendleşmek gerek.