Hereketli dizaýn häzirki wagtda media, reklama, dizaýn pudaklarynyň aýrylmaz bir bölegi boldy. Bu günki esasy temamyz bol sa, geljegiň möhüm hünäri diýip boljak şol hereketli dizaýn barada bolar.
Hereketli dizaýn (Motion design) — adyndan hem belli bolşy ýaly, grafikanyň hereket etmek hadysasy. Ýagny grafikanyň boşluk we wagt esasynda hereket edip baş lamagy, grafikany täze multimedia dereje sine çykardy we oňa hereketli dizaýn ýada hereketli grafika dizaýny diýip at berildi. Şu ýerde animasiýa bilen hereketli dizaýnyň tapawudyny belläp geçmek möhüm. Ani masiýa diýip, köplenç halatda, bellibir per sonažy bolan we şol esasynda gürrüň beril ýän hekaýanyň grafiki hereketine aýdylýar. Hereketli dizaýn diýip, abstrakt we merkezi nokadynda bir personaž bolmadyk grafika laryň hereketlerine aýdylýar.
XX asyryň ortalaryna çenli grafika öz funksiýasyny we estetikasyny hereketsiz, ýagny durnukly görnüşde ýerine ýetirýärdi. 1960njy ýyllarda animator Jon Uitniniň geçiren synagynyň netijesinde, grafikalar kompýuter arkaly hereketlendirilip baş lanýar we ol täze wizual dil hökmünde kabul edilýär. Ondan soň grafika diýip bol jak ähli zady: her dürli şekilleri, ýazgylary, 2D-3D modelleri, foto suratlary, hatda reňkleri hem hereketlendirip başladylar. Şol wagt hem Jon Uitni öz synagyndan çykan netije barada «herekete audio ýaly elementleri goşmak, ony has täsirli eder» diýip aýdýar.
Jon Uitniniň şol synagyndan soňra gra fika öňküsinden has üýtgeşik şekil alyp başlady, wizual efektleriň, animasiýalaryň we käbir kino tehnikalaryň esasynda ýeri ne ýetirilýän hereketli dizaýnyň tomaşaça ýetirýän täsiri hem artdy. Hereketli dizaýn adaty grafikadan maglumaty has düşnükli, ýeňil ýetirip, şol birwagtyň özünde gyzykly, özüneçekiji etdi. Netijede bolsa, hereketli dizaýn häzirki zaman kinolaryň titrlerinden başlap, wideo klipleriň, teleýaýlymlaryň we gepleşikleriň, kompýuter oýunlaryň, rek lamalaryň, web sahypalaryň, wideo arkaly tanyşdyrylyşlaryň we ýenede birnäçe dürli dürli interaktiw tehnologiýalaryň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
Käbir wideolarda ýerine ýetirilýän here ketler nähili ýeňil, ýönekeý ýaly görünýä nem bolsa, hereketli dizaýnda asyl mesele hiç kimiň başarmaýan, aýratyn täsirli efek ti däldigine ünsüňizi çekesim gelýär. Here ketli dizaýn özüniň köküni grafik dizaýnyň we hereketli surat, ýagny kino dünýäsinden alyp gaýdanlygy sebäpli, şolaryň binýatlyk aýratynlyklaryna esaslanýar. Bu diýmek, he reketli dizaýny özüneçekiji edýän zat onuň çylşyrymlylygy dälde, örän inçe, sünnäle nip dokalýan ritminde. Şol sünnälenip taý ýarlanan ritm hem netijede biziň gözümize hereketiň ajaýyp lezzetini berýär.
Geçen ýyl biz — «Belli» studiýanyň hü närmenleri bolup, Rotterdamda geçirilen «AGI Open» atly halkara grafika dizaýn bile leşigine gatnaşdyk we grafika dizaýny, hereketli dizaýn pudagynda dünýäniň öňdebaryjylary bilen tanşyp, olaryň leksiýalaryny diňledik. Şonda amsterdamly bir studiýanyň ýerine ýetirýän hereketli dizaýnlary bi ze bu ugra täzeçe seretmäge kömek etdi. Biz, adatça, ilki grafika edip, soňra ony herekete getirýän bolsak, olar ilki saz esasynda kodla ma arkaly hereket döredýän ekenler. Soňra şol hereketden hem grafika emele getirýär ler. Ony hem Amsterdam Simfoniýasynyň brend grafikasy hökmünde ulanýarlar.
Umuman, häzirki wagtda hereketli di zaýna Türkmenistanyň media we dizaýn pudagynda talap uly. Iň bolmanda, öz studiýamyzyň adyndan gürlesegem, bizde häzirki wagt 2D3D hereketli dizaýny ýerineýetirýän dizaýnçylar bolsada, hereketli dizaýn boýunça iş ornumyz hemişe açyk durýar. Sebäbi ähli taslamalarymyzda diýenýaly, şu «Esasy tema» rubrikamyzda hem hereketli dizaýnyň berýän gyzygyndan we täsirinden peýdalanmaga çalyşýarys. Muny biziň web sahypamyzda ýada beýleki wideo saýtlarda goýýan taslamalarymyzdan we ýylyň jemi boýunça taýýarlaýan wideolarymyzdan hem görüp bilersiňiz. Garaz, wideo we dizaýn hünäri bilen gy zyklanýan ýaşlara geljekde has hem gerekli hünär boljak hereketli dizaýny öwrenip baş lamagy maslahat berýärin. Her bir hünär de bolşy ýaly, onuň hem tehniki tarapyny, ýagny programmasyny öwrenmek kyn däl. Emma sözüň doly manysynda hereketli di zaýnçy bolmak üçin yhlas, zähmet we wagt gerek bolýar. Ritm duýgurlygy ýokary bolan we hereketiň berýän gyzygyndan lezzet alýanlar bolsa, has çalt öwrenýärler.
Iň möhüm zat hem hereketli dizaýnyň döredijilik hünäri bolmagydyr. Ondaky giň mümkinçilikler dizaýnçynyň hiç haçan içi ni gysdyrmaýar, hatda hereketli dizaýnyň berjek estetikasy dizaýnçyny döredijilik tarapdan kämilleşdirip bilýär.