Filmiň awtory kim?

Hekaýany ýazýan, obrazlary döredýän ssenarist, olary janlandyrýan oýunçylar. Kamera dogry obýektiwleri dakyp we rakursy sazlap surata düşürýän operator. Sazlaryny düzýän kompozitor. Dürli talantlary bir ýere jemleýän we olara film döretmek üçin zerur şertler bilen üpjün edýän prodýuser. Onda näme üçin awtor hökmünde režissýoryň ady öňe çykýar? 

Birnäçe ýyl öň Iňarritu bilen Arriaganyň arasynda festiwallaryň moda gybatyna öwrülen goh turupdy. Arriaga ssenarist. Iňarruta abraý getiren "Amores Perros", "21 Grams" we "Babel" filmlerini şul adam ýazdy. Edil Tarantinonyň "Pulp Fiction-ny" ýaly, bu filmler hem gurluşy babatda adatdan daşary. Bir-biri bilen baglanşygy bolmadyk adamlaryň bir-birine täsir edýän ykballary barada

Filmleriň režissýory Iňarritu bolansoň, bu adaty bolmadyk hekaýalar üçin esasan Iňarritunyň abraýy ýokarlanýardy. Bu bolsa Arriaga ýakmady we hekaýanyň 99%-i meniň zähmetim diýip dawa edip ugrady. Arriaganyň gürrüňlerini diňleseňiz, aýdanynyň ugrunda bardygyna düşünse bolýar. 

 

Näme üçin režissýor?

Filmde görenimizde esasan onuň hekaýasy ýadymyzda galýar. Birine gürrüň berende-de öňürti şeýle boldy, beýle boldy diýip hekaýasyny gürrüň berýäs. Onda, onuň hekaýasyny ýazan ssenarist, filmiň awtory diýip hasaplanmaly dälmi näme? 

Film bütinleý başgaça bir eser. Ol diňe edebiýat däl, ýöne içinde edebiýat hem bar. Diňe şekillendirişem däl. Diňe bir saz eseri hem däl. Başga ölçegdäki gibrid bir eser. Özünden öň dörän sungatlaryň ählisinden peýdalanýar. Şolaryň baryny ýerli-ýerinde ulanyp, nähili ulanylmalydygyny çözüp tomaşaça gürrüň berýän adam režissýor. Gyzykly bir romandan gyzykly kino döremän bilýär, ýa-da tersine hem bolup bilýär. Sebäbi hekaýany wizuallaşdyrýan režissýor, ol gürrüň bermegi oňarmadyk bolsa kinonuň hem gyzygy bolmaýar. Ýagny, filmde hekaýanyň gürrüň berilişi, hekaýadan has möhüm. Şol sebäpli filmiň esasy awtory režissýor bolup durýar.

Bir filmde režissýoryň ähmiýetine düşünmek üçin özüňizçe şol filmi başga bir režissýor nädip düşürerdi diýip sorap görüň. Meselem Wong Kar Waiň kinolaryny alyp göreliň. Men üýtgeşik hekaýa göremok onuň filmlerinde. Ýöne şonda-da gyzyklanyp görýän. Onuň filmlerini görmek hekaýa ýa roman okamak ýaly däl, 2-3 bentlik goşgy okan ýaly. Bir zatlary duýýaň, aňyňdaky dürli pikirleri janlandyrýar. Şonuň filmlerini adaty bir režissýor düşüren bolsady, onda ony görmek üçin wagt sarp edeniňe-de degmezdimikä diýýän. 
Käwagt Wes Andersonyň filmlerini Tarantino düşürse nälli bolardy diýip pikirlenýän. Kino bütinleý üýtgärdi. Onuň manysam, hat-da görýän hekaýamyzam başga bir zada öwrülerdi. Ýa-da Tarantinonyň ssenariýasyny Woody Allen filmleşdirse? Ol filmde hat-da Tarantinonyň obrazlarynam tapyp bolmazdy -- ýaradyjysy Tarantino hem bolsa.

Şwesiýaly režissýor Roý Anderssonyň "Living" atly trilogiýasy bar. Filmleriň üçüsem statik kamerada düşürilen. Adatça filmde kamera näçe hereket etse, rakurslar näçe dürli-dürli bolsa şonça-da hekaýa täsirli bolýar. Ýöne Roý Anderssonyň trilogiýasynda tersine. Şol bir rakurs, ýöne ol eýýäm tomaşaça başgaça täsir edýär. Adaty filmler ýaly çekilen bolsady film beýle güýçli bolmanam bilerdi. 

Bir hekaýa režissýoryň elinden geçensoň, eýýäm ol başga bir hekaýa öwrülýär. Ýöne muny diňe käbir režissýorlar oňarýar. Diňe şeýle režissýorlar beýlekilerden tapawutlanýar... 

Gutly Ýegendurdyýew
[email protected]
23.07.2019