Bu gün dünýäde çaklamalara görä 300 milýon töweregi kärhana bar. Bu diýmek, ulanylmadyk, täze we owadan at tapmak diýseň kynlaşdy. Ýeri bu ýagdaýda ideýal ady nähili tapyp bolar? Munuň ýollaryna seredeliň. Brend atlary 7 kategoriýa bölünýär. Dünýäniň islendik brendiniň ady şu kategoriýalaryň birine ýa-da şol bir wagtda bir-näçesine hökman girýär.
1-nji kategoriýa
Eponim atlar
Ýagny bir şahsyýetiň ady dakylan brendler. Meselem; “Mercedes-Benz”, “Babayevskiy”, Türkmen önümlerinden “Ýunus”. Köplenç bular şol brendi döreden kişileriň atlary ýa-da olaň maşgalasyndan biriniň ady bolýar.
2-nji kategoriýa
Suratlandyryjy atlar
Bu atlar şol biznesiň edýän işini göni aýdýar. Mysal üçin; “Türkmenhowaýollary”, “TM CARS”, “Palaw House”, “Biznes Reklama Gazeti”. Suratlandyryjy atlar industriýa birinji girenler tarapyndan alynany üçin hemişe diýen ýaly elýeterli bolmaýar.
3-nji Kategoriýa
Gysgaldylan atlar
“BMW”, “AŞTU”, “MTS”, “M&M’S” ýaly atlar. Bular esasan Suratlandyryjy atlaryň gysgaldylan görnüşi bolýar. “AŞTU-Aşgabat Şäher Telefon Ulgamy” ýaly. Ýöne hemmesi beýle däl. Mysallardan “M&M’S”, uzyn formasy “Mars and Murrie” bu eponim adyň gysgaldylany.
4-nji kategoriýa
Yşarat edýän atlar
Bu kategoriýa üçe bölünýär.
1-nji Hakyky sözler
Sözlükden alynan sözler bolup olar brendiň aýratynlyklaryny we peýdalaryny nygtaýar. Meselem; “Clear”, “Head&Shoulders” şu atlara degişli.
2-nji Birleşdirilen sözler
Olar iki sany hakyky söz birleşdirilip bir söz formasyna getirilýär. Mysal üçin; “Beko”. Ol gurujylary bolan Leon Bejerano bilen Wehbi Koçuň atlaryndan düzülen. Şeýle, Bejeranoň BE-si, Koçuň KO-sy birleşip “BEKO” döreýär.
3-nji Toslanan sözler
Olar hakyky sözlerde bir-iki harp oýnalyp ýasalan atlar bolýar. Mysal hökmünde; “Fanta” (Fantaziýa-dan gelýär), “Nivea” (Niveum-dan gelýär. Ol latynçada Gar Pamyk diýmek).
5-nji kategoriýa
Assosiatiw atlar
Bir ýeriň ýa-da belli haýwanyň adyny ulanyp ony öz brendiň bilen many taýdan baglanyşdyrmak. Mysal üçin; “RedBull”, Türkmenistandan mysal hökmünde “Görogly Fitness Club”. Bu ýerde güýçli, edermen edebi şahsyýetiň ady fitnes klubyň häsiýetini sypatlandyrýar.
6-nji kategoriýa
Alynma Atlar
Meselem; “Elite Photography”, “Burger Zone”. Bular Türkmençe däl-de başga dillerden alnan atlar bolýar. Esasan brendler iňlis we latyn dillerinden köp sözler alýarlar. Ýöne, bu ýerde üns bermeli zat alynma at ulanmakçy bolanyňyzda müşderileriňiziň bu sözi ýeňillik bilen okap we aýdyp bilmegi örän möhüm.
7-njy kategoriýa
Abstrakt atlar
Meselem; “Rexona”, “Rolex”, “Häagen-Dazs”, “Kit-Kat”. Bu atlaryň düýpden aňladýan manylary bolmasa-da olar gulaga owadan eşidilýär. Ýeri gelende bellesek, at dakylanda intonasiýanyň orny uly. Adyň sazlaşykly äheňde aýdylmasy. We mümkin bolsa ady 3-4 bogundan aňyryk geçirmejek bolmaly. Gysga atlar uzyn atlara görä ýatda galyjy bolýar. Mämmetdurdyny ýatlamakdan Serdary ýatlamak aňsat bolşy ýaly.
At dakylandaky 7 kategoriýa şular. Bulardan daşary, at pikirlenilýärkä ýene-de üns bermeli 2-3 sany nokady belläsim gelýär.
Alfawitimizde seresap bolmaly 7 harp bar. Ä, Ž, Ň, Ö, Ş, Ü, Ý bular atda ulanylanda käbir ýerlerde tehniki mesele döredip bilýärler. Türkmen dilini gürlemeýän biri üçin bu sesleri çykarmak kynyrak. Soňra “Instagram” ýaly sosýal mediýalarda ýa bolmasa web saýtyň adynda ol harplary ulanyp bolanok. Garaz, atda iňlis dilinde ýok harplar ulanylmasa peýdaly.
Ýene bellemeli nokatlardan biri, tapan atlaryňyz elýeterliligini barlaň. Web saýtyňyz üçin domain adyny alyp bilýäňizmi barlaň. Içerki bazarda eýeçiligini elde edip bilýäňizmi barlaň. Halkara býurolardan trademarkyny alyp bilýäňizmi barlaň. Käbir ýagdaýlarda diňe bir elýeterli at tapmak üçin 40-50 at tapmaly bolýar. Kä mahal ondan hem kän.
Galyberse-de, saýlan adyňyzyň beýleki dillerde näme many aňladýanlygyny biliň. Sebäbi, şol söz başga dilde üýtgeşik many aňladyp bilýär. Görşüňiz ýaly, brende at dakmak bäbege ýa-da öýdeçi haýwana at dakanyňdan has çylşyrymly. Şeýle-de bolsa, gowy at köseneniňe degýär. Ýöne gowy at dakaňsoň, erbet at gazanma. Iň möhüm ýeri şol.
Çeşme: Jonathan Bell, brendlere at dakmak eksperti