Dilleriň arasyndaky ýazuw we okuw gatnaşygyny ýerine ýetirýän basmaça ýazuw şekiller ylmyna tipografiýa diýilýär. Tipografiýa – adamlaryň ýazuw arkaly emele getirýän söz beýany. Žurnalistleriň habar makalalary, ýazyjylaryň kyssalary, şahyrlaryň şygyrlary we ýene ençeme sungat eserleri köpçülige hut tipografiýa arkaly ýetirilýär. Tipografiýanyň ilkinji kadasy basmaça ýazuwa geçiriljek her bir sözüň düşnükli okalyp bilinmegidir. Soňra tipografiýa ýazylýan ýazuwa degişli häsiýetleri ýerine ýetirmäge borçlanýar.
Tipografiýa - ýazuw şekilini we basmaça ýazuwyň iň oňaýly we ýerlikli ýazylmagynyň ähli hyzmatyny öz içine alýar. Kitaplar, gazet - žurnallar biziň tipografiýa bilen iň köp gabatlaşýan ýerlerimiz. Her bir harpyň guýrugy we şahyndan başlap, ýazuwyň umumylykda okamak üçin iň amatly ýerleşdirilişine çenli tipografiýa jogapkärçilik çekýär.
Ýazuw şekili (şrift) – islendik ýazgyny basmaça ýazmak üçin biri-birine uýgun çyzylyp taýýarlanan harplar toplumy. Islendik bir sözi, jümläni emele getirýän harplaryň belli bir uýgun kadasyna görä şekillendirilmegi bilen ýazuw şekili emele gelýär. Basmaça ýazuw şekili ýazgylaryň okalmagyny ýeňilleşdirýär, estetiki keşp berýär. Bulardan başga-da ýazuw şekiline stilistika bermek arkaly ýazgynyň häsiýeti hem ýüze çykarylýar.
Häzirki döwürde kompýuter arkaly ýazuw amala aşyrýan her bir adam belli bir derejede tipografiýa we ýazuw şekilleri bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Meselem, Microsoft Word ýaly programmalary ulanýan her birimiz ýazgy ýazanymyzda islegimize laýyk ýazuw şekilini saýlap almak barada onçakly pikirlenibem durmaýarys.
Aslyýetinde bolsa her bir ýazuw şekiliniň ýa-da ýazuw şekiller maşgalasynyň öz häsiýeti bar. Olaryň ýerlikli we oňaýly ulanyş düzgünleri bolýar. Ýazgy üçin saýlanyp alynýan ululyk göwrüminden başlap, harplaryň guýruklysy we guýruksyzy tipografiýa dünýäsinde okyja täsir etmekde uly rol oýnaýar.
Çaý başynda ýa-da mesawy gürrüňdeşlikde-de ýazuw şekilleri barada aýdyp boljak, basmaça ýazuwy ulanýan her adamyň bilmeli örän köp we gyzykly zatlary bar. Ýöne bu gezek men «Belli» döredijilik studiýamyz tarapyndan Türkmenistanda ilkinji döredilen basmaça ýazuw şekili hakda gürrüň bermek isleýärin. Ol ýazuw şekili Türkmenistanyň taryhynda häzire çenli iň uly sport çäresi bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üçin döredildi. «Aşgabat 2017» diýip atlandyran bu ýazuw şekilimiz oýunlaryň resmi ýazuw şekili diýip kabul edildi. Elbetde, bu biziň studiýamyz üçin örän buýsançly ýagdaý.
«Belli» döredijilik studiýamyz örän ýaş. Onuň hünärmenleri hem ýaş. Emma muňa garamazdan bizde, ilkinji nobatda, Watanymyza hyzmat etmek, halkymyza peýdaly boljak ýokary hilli işleri ýerine ýetirmek we öz hünärimize bolan uly söýgimiz bar. Hut, şolar hem biziň studiýamyzy günde azyndan 10 sagat zähmet çekmäge we öwrenmäge iterýär. Watanymyza bolan söýgimiz bize ýurdumyzda geçirilýän V Aziýa oýunlarynyň resmi ýazuw şekilini döretmek ýaly jogapkärçilikli işlere borçlandyrýar.
Ýeri gelende belläp geçsek, biziň studiýamyz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üçin diňe bir ýazuw şekilini döretmek bilen çäklenmän, onuň söz belgisini (Ashgabat 2017), resmi tumaryny we resmi keşbini döretdi.
«Aşgabat 2017» resmi ýazuw şekilini döretmek baradaky tabşyrygy oýunlaryň kömekçi gurnaýjy edarasy bolan Beýik Britaniýanyň «Trivandi Chanzo Limited» kompaniýasy tarapyndan aldyk. Studiýa hökmünde ilkinji gezek bir ýazuw şekilini emele getirmek bizi hiç hili çekindirmedi. Gaýta, tabşyryk biz üçin örän gyzykly bolupdy we oňa juda bilesigelijilikli çemeleşipdik. Studiýamyz döräli bäri ençeme taslamalary ilkinji gezek ýerine ýetirmeli boldyk we ýüzleşýän her bir taslamamyz biz üçin gyzykly. Tabşyrygy ýerine ýetirmek üçin berilýän wagtda ençeme täze zatlary öwrenmeli bolýar. Elbetde, täze taslama işlenilýärkä kynçylyklar, bökdençlikler bolýar, jogapkärçiligem artýar. Emma hut şolar hem bize döredijilikli pikir etmäge we ýerlikli çözgütler tapmaga kömek edýär. Jogapkärçiligi ýokary bolan taslamalar çaklaýşymyzdan hem juda köp zatlary öwredýär, tejribe toplamaga-da ýardam berýär.
«Aşgabat 2017» ýazuw şekilimiz barada aýtmak üçin ilki «Aşgabat 2017-i» üçin döreden resmi keşbimiz we onuň mowzugy barada belläp geçmeli bolýar. Studiýamyz ilki bilen «Aşgabat 2017»-niň brend hekaýasyny we mowzugyny ýazdy. Oýunlar üçin taýýarlan beýleki grafiki işlerimiz hem hut şol hekaýa we mowzuga esaslandy. «Aşgabat 2017»-niň hekaýasy ençeme asyrlar öň Beýik Ýüpek ýoly bilen barýan kerwenleriň biriniň türkmen sährasynda düşläp, türkmeniň nepis halysyna aşyk bolup, ony satyn almagy we şeýlelik bilen türkmeniň öz halysy bilen dünýä tanalmagyna esaslanýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bilen ýene bir gezek dünýä ýaň salýarys. Bu şanly wakanyň ýatdagalyjy bolmagy üçin hem hut, şol nepis halylarymyzdan ylham almaly diýen netijä gelipdik.
Oýunlaryň grafiki dilini emele getirmek üçin haly göllerimize we milli nagyşlarymyza täze röwüş berdik. Iň tanalýan we iň köp gabat gelýän «goçak» we «dagdan» nagyşlaryny has ýygy ulanmaga üns berdik. Resmi tumaryň umumy şekilinde Beýik Ýüpek ýoly bilen başlanýan we häzirki Bagtyýarlyk döwrümiz bilen has-da öňe barýan ýolumyz alamatlandyrylan. Onuň şekilini «goçak» nagşy bilen jemledik. Şeýlelik bilen resmi keşp üçin hem özboluşly görnüş emele gelip başlady. «Aşgabat 2017» üçin dörediljek ähli grafiki işleriň umumy bir mowzuk esasynda bolmagy üçin onuň resmi ýazuw şekilini döretmekde hem resmi mowzuga esaslandyk.
Ilki bilen el çyzgylary bilen başladyk. Birnäçe barlag çyzgylary arkaly harplaryň arasyndaky umumy stilistik sazlaşygyny tapmaga çalyşdyk. Döretjek ýazuw şekilimiz ýurdumyz üçin taryhy waka boljak bu çärede baýramçylyk öwüşgini bermegi üçin ony adaty ýazuw şekillerinden tapawutlandyrmaly diýen netijä geldik. Şol bir wagtyň özünde hem tipografiýanyň ilkinji kanuny bolan «aňsat okalyş» düzgünini hem elden bermeli däldi.
Her bir harpyň her bir çüňki, guýrugy we şahy sünnälenip, ýekeme-ýeke işlendi. Girizýän her bir iň ownuk üýtgeşmelerimiziň hem bir umumy sazlaşykda bolmagy üçin örän köp barlag ýazuwyny geçirdik. Birnäçe gadymy türkmen golýazmalarynyň nusgalaryna syn etdik. Her bir geçiren üýtgeşmelerimiz barada kömekçi, gurnaýjy kompaniýanyň hünärmenlerinden hem teswirler alyp, düzedişler girizdik. Harplaryň her biriniň grafiki taýdan wektor çyzgylary çyzylyp, kompýuterde ulanylýan «.otf» formatyna geçirilensoň, ikinji uly mesele bilen ýüzbe-ýüz bolduk.
Ýazuw şekili kompýuter arkaly harplap basylyp ýazylanda, harplaryň arasyndaky awtomatiki araçäk sazlanylmalydy. Her bir harpyň özboluşly şekili bolýandygy üçin ondan soňky geljek harp öňündäkiniň şekiline görä araçäk almaly bolýar. Muny sazlamak üçin bolsa her bir harpyň 29 ähtimallygyny göz öňünde tutmaly bolýardy. Iňlis dilinde «kerning» diýip atlandyrylýan bu araçäk tipografiýada möhüm orun eýeleýär. Söz emele getirjek harplaryň arasyndaky araçäk okyjynyň gözüni bulaşdyrman, örän ýeňil saýgarylmaly we aňsat okalmaly.
Ençeme barlaglardan soň, araçäk sazlanyşygy hem tassyklandy. Ýazuw şekiline türkmen elipbiýiniň ähli harp şekilleri, san ýazgylary we birnäçe halkara belgiler girizildi. Soňky üýtgeşmeler hökmünde türkmen elipbiýindäki käbir üsti nokatly harplarda we sözlemleriň soňlama nokatlarynda «dagdan» nagyşynyň stilleşdirilen görnüşini ulanmaly diýen netijä geldik. Bu üýtgeşme ýazuw şekilimizi «Aşgabat 2017»-niň mowzugyna baglanymyzdan soň, onuň millilik äheňi-de ýokarlandy.
«Aşgabat 2017» ýazuw şekili V Aziýa oýunlarynyň resmi şygaryny, beýleki esasy ýazgylary we oýunlara degişli makalalaryň sözbaşylary ýaly möhüm ýazgylary ýazmak üçin niýetlendi. Şonuň üçin hem ony aňsatlyk bilen beýleki ýazuw şekillerinden tapawutlandyryp bolýar. Islendik kompýuter ulgamyna ýeňillik bilen gurup we ýazyp bolýar. Bu ýazuw şekili türkmen elipbiýiniň we iňlis diliniň ähli harplaryny öz içine alýar.
Häzirki wagtda «Aşgabat 2017» ýazuw şekili bilen ýazylan ýazgylara gözel paýtagtymyzyň dürli ýerlerinde, Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynda, «Aşgabat 2017»-niň resmi web sahypasynda, teleýaýlymlarda, gazetžurnallarda we oýunlara degişli dürli kitapçalarda duş gelse bolýar. Onuň özboluşly şekilleri we stilistikasy bilen oýunlarda baýramçylyk we sport howasyny saklamagy bizi diýseň begendirýär we buýsandyrýar.
*Ýazgy 25.09.2017 senesinde "Biznes Reklama" gazetinde çap edildi.